elemtas e‧lem‧tas

[elemta:s]

elemtas bolmak

Aljyraňňy ýagdaýda bolmak, çaşan, aljyran görnüşde bolmak, aljyramak.

  • Şol wagt elemtas bolup gelen atlynyň howsalaly sesi eşidildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol, ýagdaý bilen tanyşmak üçin öýden gyssanmaç çykyp barýarka, aňyrdan elemtas bolup gelýän Nuryllabaý bilen tas çaknyşypdy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Men şol elemtas bolup barşyma galanyň daş ýüzündäki çukura girip gizlendim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)