doýurmak işlik

Doýýança iýdirmek, dok etmek, naharlanýança iýdirmek, naharlamak.

  • Bäş-üç sany çinownigiň seňrigine kakanyň bilen ajy doýrup bolmaz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem doýurmak - doýrar, doýrupdyr.