doýgunlyk

  1. Mazaly, gowy almaklyk, ýeterlikli boýalmaklyk (reňk hakda).

  2. Göçme manyda Irenlik, ýadanlyk, bizarlyk.

    • Onuň sözlerinde köne agalaryndan doýgunlyk syzyldy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem doýgunlyk - doýgunlygy.


Duş gelýän formalary
  • doýgunlyga
  • doýgunlygy
  • doýgunlygyna
  • doýgunlygyny
  • doýgunlygynyň