dökän-saçan

[dökän-saça:n]

Dökük-saçyk, dökülen, pytraňňy, akan-dökän.

dökän-saçan (bolmak) etmek

Döküp-saçmak, bisarpa tutmak; pytrap ýatmak, bisarpa tutulyp, akan-dökän bolmak.

  • Owadan gelin her elindäki suwly bedresini dökän-saçan edip, has gaty ýöräp başlady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)