doýmak işlik

  1. Doýýançaň iýmek, geregiňçe iýmek, mazaly naharlanmak.

    • Kaştanka örän kän iýdi, emma weli doýmady, ýöne nahar iýmekden melul boldy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  2. Baý bolmak, baýlaşmak.

    • Aý, soltanym, soltanlaryň nebsine doýmak ýokdur! (Myraly)

    • Dok, çaýkanman, aç doýmaz. (nakyl)

  3. Göçme manyda Görüp ganmak, kanagatlanmak.

    • Säher-säher açyp albomyň gatyn, Gaýbana seredip doýýan -- diýenmiş. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Suratyňy gördüm, gözüm doýanok, Basmasam bagryma, ýürek goýanok. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Bizar bolmak, irmek, ýadamak, armak.

    • Galmagaldan, suwdan ol irdi, doýdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Men ondan tüýs doýdum.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem doýmak - doýdum, doýduň, doýupdyr.


Duş gelýän formalary
  • doýan
  • doýana
  • doýanam
  • doýanda
  • doýandan
  • doýanlar
  • doýanlary
  • doýanok
  • doýansoň
  • doýanyny
  • doýanyňdan
  • doýar
  • doýarlar
  • doýarly
  • doýarlyk
  • doýaýmaga
  • doýaýyn
  • doýaňok
  • doýdugy
  • doýdugyň
  • doýduk
  • doýdukdan
  • doýdular
  • doýdularmy
  • doýdum
  • doýdumy
  • doýduň
  • doýduňmy
  • doýduňyz
  • doýdy
  • doýgun
  • doýjak
  • doýma
  • doýmady
  • doýmadyga
  • doýmadygym
  • doýmadyk
  • doýmadym
  • doýmadyň
  • doýmadyňmy
  • doýmaga
  • doýmagy
  • doýmajagy
  • doýmajakdygyny
  • doýmak
  • doýman
  • doýmanam
  • doýmandyr
  • doýmany
  • doýmanyň
  • doýmarsyň
  • doýmasa
  • doýmasa-da
  • doýmasalar
  • doýmasaň
  • doýmasyn
  • doýmaz
  • doýmazdy
  • doýmazlar
  • doýmazlygy
  • doýmazlyk
  • doýmazlykdan
  • doýmaýan
  • doýmaýanyňa
  • doýmaýar
  • doýmuş
  • doýsa
  • doýsa-da
  • doýsam
  • doýsaň
  • doýsun
  • doýsunlar
  • doýup
  • doýupsyň
  • doýýan
  • doýýanlygyny
  • doýýança
  • doýýar
  • doýýarsyň