dökän-saçanlyk

[dökän-saça:nlyk]

Pytraňňylyk, isriplik, bisarpalyk, akan-dökänlikli ýagdaý.

  • Brigadirleriň işlerinde kemçilik, dökän-saçanlyk bolmasyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dökän-saçanlyk - dökän-saçanlygy.