dökmek işlik

  1. Bir zady bir ýere guýmak, agdarmak.

    • Üstüne çaý dökermi, suwa ýykylarmy, garaz bilemok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Saçmak, ýaýratmak, örtmek.

    • Günüň joşgunly çogy bütin gözýetime kümüş nuruny heniz bolluk bilen dökýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Sepmek, pytratmak, dargatmak, ýaýratmak.

    • Mahmal ýaly mylaýym meýdanda seýalkalar hatara tohum dökýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  4. Silkip gabyň içindäkini aýyrmak, boşatmak.

    • Ol bugdaýly çuwaly göterip, gapanda çekip, ammara dökerdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Şol duran haltany döküp getir!

  5. Bir zadyň içini barlamak, bir zat agtarmak, gözlemek.

    • Içerini döküp çykmak.

  6. Deşilenligi ýa-da zaýalananlygy zerarly akmak, suwuklyk goýbermek.

    • Çelek birneme dökýär.

  7. Akdyrmak, saçmak (ýaş, gan hakda).

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem dökmek - dökdüm, dökdüň, döküpdir.

ajy der dökmek

seret der

  • Bu teklip dogaly bäri ajy der dökmedik adamy ör-gökden getirer.

gan dökmek

seret gan

göz ýaş dökmek

seret göz

iç dökmek

seret

ýüregiňi dökmek

seret iç dökmek

  • Ol başyny aşak salyp, ýüregini dökdi. (Aýbek, Nowaýy)