dörjemek işlik

[dö:rjemek]

  1. Dörüp garyşdyrmak, dörüp eýläk-beýläk agdarmak, gorjamak.

    • Alty elindäki serdessesi bilen gary dörjemäge durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zadyň içini dörüp gözlemek, agtarmak, tapjak bolmak.

  3. Göçme manyda Gozgap azar bermek, barlap durmak.

    • Agam, seniň özüňi dörjäp, erkiňe goýmasalar durup bilermiň? -- diýdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)