dörmek işlik

[dö:rmek]

  1. Eýläk-beýläk peşemek, gorjap garyşdyrmak, gorjamak.

    • Ýeri dörmek üçin kätmenden peýdalanypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýeriň ýüzün azal dörüp sürende, Yzysüre mala ony ýylmaýar. (Ş. Petefi, Goşgular we poemalar)

  2. Bir zadyň içini döküp gözlemek, agtarmak.

    • Dolmaz petekeleriniň ýesiri bolan towuklar demir dyrnaklary bilen tezek dörýärler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Biz bu obajyga gelip, ýeri dörüp ýörän towuk-da görmedik. (I. S. Turgenýew, Awçynyň hatlaryndan)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem dörmek - dördüm, dördüň, dörüpdir.


Duş gelýän formalary
  • dördem
  • dördi
  • dördügiçe
  • dördüler
  • dördüň
  • dörem
  • dören
  • dörendigini
  • dörendiklerini
  • dörenimi
  • döreniňde
  • dörerdi
  • dörerler
  • dörmegi
  • dörmegin
  • dörmegine
  • dörmek
  • dörmekçi
  • dörmeýär
  • dörmäge
  • dörsün
  • döräýen
  • döräýjek
  • döräýmese
  • döräýse
  • döräýýär
  • dörüp
  • dörüpdir
  • dörýän
  • dörýänler
  • dörýänleriň
  • dörýär
  • dörýärdi
  • dörýärdim
  • dörýärler