dörjelemek işlik

[dö:rjelemek]

  1. Yzygiderli dörjäp durmak, gorjalamak, gozgamak.

    • Suwjumak şykgy toýunlary dörjeläp başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ot şatyrdap ýanýardy garaňkyda uçgunlar gaýmalaşýardy, oduň başynda bolsa bir nätanyş adam heniz ýanyp gutarmadyk kesindileri elindäki uzyn, kesewi bilen yhlasly dörjeläp otyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zadyň içini dörüp gözleşdirmek, gözläp döküşdirmek, agtaryşdyrmak.

    • Ol maňa hümürdedi-de, çemedanyň içini dörjelemäge başlady. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

  3. Göçme manyda Gozgap durmak, gozgap azar bermek.