döretmek işlik

Täze original bir zat emele getirmek, ýüze çykarmak, hasyl etmek.

  • Ägirt gurluşyklar hakynda gymmatly eserler döretmek biziň ýazyjy we şahyrlarymyzyň gaýra goýulmasyz wezipesidir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem döretmek - döredýär, döreder, döredipdir.