dört san

[dö:rt]

  1. 4 sifriniň ady we onuň mukdary.

    • Aňyrsy birnäçe günden bolsa gulaklaryny üçe, dörde ýetiren gowaçalaryň uzynja baldaklary gyzarýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bu ýerde garaköl baganalar esasan üç sorta bölünýär, emma her bir sortuň özi-de ýene dört topara bölünýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. seret dörtlük

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dört - dördüm, dördüň.

dört aýakly

seret aýakly

  • Onuň dört aýaklydan ýeke eşegi bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • dörde
  • dördem
  • dördi
  • dördümde
  • dördümiz
  • dördümizdenem
  • dördün
  • dördüne
  • dördüni
  • dördüň
  • dörtde
  • dörtden
  • dörtdi
  • dörtdür
  • dörtje
  • dörtler
  • dörtlerde
  • dörtlere
  • dörtleriň
  • dörtlügimiziň
  • dörtlüginiň
  • dörtlügiň
  • dörtlük
  • dörtlükden
  • dörtmi