ýuwunmak işlik

Özüňi suw bilen ýuwmak, arassalamak.

  • Ýüzünden ýüz güjük doýjak, ýuwnaýsaň bolmadymy? ! -- diýip, Öwezi köteklärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Görsem, Narly Nepesowiç bütin endamyna we kellesine sabyn çalyp, narzana ýuwunmaga başlapdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Ol ýuwunmaga gitdi. («Pioner» žurnaly)

  • Durdymyrat ýuwnup, bir eline telpegini alyp tama gireninde, Pälwan bir ýüpüň ujuny işip otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýuwunmak - ýuwnar, ýuwnupdyr.