ýuwnuksyz

Gepi-sözi ýerliksiz, mazasyz, gepde-sözde ýerliksiz öňe düşýän, utanç-haýasyz, batnyksyz, sabyrsyz, ýeňil.

  • Çaşçy çaman suwuk, duzsuz, ýuwnuksyz sözleri tirkeşdirip şol gyzyň adyna goşgy bilen söz bilen hat ýazmaga dowam etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Hoşgeldi, ýaňky biziň ýanymyzda oturan gyzyl ýüzli ýuwnuksyz adam kimdi? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Soňra ähli pikirini unudyp, ýuwnuksyz gülküsi bilen: -- Aý halypa, menden nesiň öýi ýykylmasyn! («Tokmak» žurnaly)