ýuwulmak işlik

  1. Suw bilen arassalanmak (kir, hapa) aýrylmak.

    • Güjügüň ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Suw degende aýna ýokan şiräniň ýuwluşy ýaly, göwünden turýan ýakymly bir söz ony ýüzüniň ugruna süpürip gidýär. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  2. Göçme manyda Aklanylmak, günasiz edilmek.

    • Halnazaryň dünýä geleli bäri eden passy pyjurlyklarynyň bary ýuwuldy hasap etdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýuwulmak - ýuwlar, ýuwlupdyr.