ýaplamak işlik

  1. Bir zada söýemek, diräp goýmak, daýamak.

    • Dik dur hasasyna gollaryň ýaplat, Kämahal gobsunyp omzaýar öňe. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Hoşgeldi, ýaş üzümli emaý bilen pytanakly ýabajyklara ýaplap dileldýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Günä, gara we ş. m. zat ýüklemek.

    • Annadurdy murt Aýnur ejä şyltak baryny ýaplap, hondan bärsi iş eden ýaly, agzyna inip duran murtlaryny towlaşdyryp, ýokaryk galdyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Gepleşik dili Urmak, ýençmek, öldürmek.

    • Bäşisini ýapladym! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)