ýaplanmak işlik

  1. Bir zada söýenmek, direnmek, daýanmak.

    • Meret bolsa sesini çykarman, gapydaky teläre ýaplanyp, başyny aşak salypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Orazly penjirä ýaplanyp, heniz hem bu ajaýyp görnüşe seredip durdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ol tribuna ýaplandy. («Tokmak» žurnaly)

  2. Göçme manyda Günä gara we ş. m. zat ýapylmak, ýüklenmek.

    • Günä ýaplanmak.

  3. Gepleşik dili Urulmak, ýençdirmek, öldürilmek.