ýapmak işlik

  1. Bir zadyň üstüni örtmek, ýüzüňi basyrmak.

    • Ol ýüzüne ýapan ýorganynyň çetini bat bilen serpip, töweregine diň sady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Özi pilot keltekçesinde galyp, içmegini onuň üstüne ýapdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Ol kiçijik gapagy şyrkyldadyp ýapdy-da, aýaklarynyň daraklygyna basyp, koridor bilen gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol dükanyny ýapmaga mejbur boldy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Bişirmek üçin damdyryň gazanyň ýüzüne ýelmemek (çörek we ş. m. hakda).

    • Nany tamdyr gazanda ýap. (nakyl)

  3. Göçme manyda Boýnuna ýüklemek, üstüne atmak (güna, gara we. ş. m. hakda).

    • Al gerek bolsa, indi hem maňa ogrulyk ýapýamyň? ! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Annatagan aga diýýän-a, agzyňdaky ýydyrawuklaryň bary gidip, diňe kentlewügiň galanda, aka bişen eti çeýnäp bilmäniňiň günäsini kime ýaparkaň? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • «Bagta batsaň, boýuňça» diýipdirler, şyltak ýapanyňa görä, düzüwlije ýap! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  4. Işlemegini bes etdirmek, ýatyrmak, duruzmak.

    • Maňa gaty zerur bolan şol jaýlary salyp bermeseňiz, fermany ýapmak gerek. (B. Seýäkow, Moskwanyň Ýalkymy)

    • Sen bolsaň işläp duran skwažinalary hem ýapmak isleýärsiň. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  5. Bes etmek, gutarmak, tamamlamak.

    • Ýygnagy ýapmak, mejlisi ýapmak.

  6. Gepleşik dili Urmak, ýençmek.

    • Sem bol! -- diýip, urýadnik Rybiniň gulagynyň düýbüne ýapdy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Bardy-geldi, bir pişik gapdalynda oturyp daranaýsa, pişigiň böwrüne eliniň tersi bilen ýapardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

gol ýapmak

seret gol 1