Üns, dykgat, esewanlyk.
Şonuň üçin ony synap görmegi, azdan-köpden üşügi bar bolsa duýdurmagy göz öňünde tutup, Nurjan oňa biraz kakdyryp aýtdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Ol gelin oňa gyjyt berdi: -Gepe kimler düşmeýä, üşügiň bolsa üme düş! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem üşük - üşügi.