öwrüm

  1. Bir zadyň daşyndaky aýlaw.

    • Sagat dili soňky öwrümine başlaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýoluň gyşaryp başga ugra gidýän ýeri, egrelip gidýän ýeri, burç.

    • Biziň ýolumyz köçäniň öwrümindäki bagjagazyň üstünden düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Uzynlygyň zolagyň egrelýän ýeri.

içi öwrümli

Mekir.

öwrüm bermek

seret öwrüm etmek

  • Atbaşçylar bilgeşle öwrüm berip Halnazaryň hatarynyň üstaşyry dönüm etdiler, onuň hatyryny tozana gardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

öwrüm etmek

Aýlanyp gelmek, aýlanmak.

  • Çagalar fontanyň töwereginden öwrüm etdiler. («Mydam Taýýar» gazeti)