öwretmek öw‧ret‧mek işlik

  1. Birine bilim bermek, okadyp hünär aldyrmak.

    • Meniň islegim: okamak soňra bolsa başgalara öwretmek. (M. Gorkiý, Ene)

  2. Bir işe girişmegi meýil etdirmek, türgenleşdirmek.

    • Joralary oňa aýdym aýdyp, tans etmegi we hiňňildikde uçmagy öwretdiler. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Maňa welosipet sürmegi hem öwretdi. («Pioner» žurnaly)

  3. Nesihat bermek, maslahat bermek, akyl bermek.

    • Men ony agzybir ýaşamagy öwretmäge gelendir diýip begendim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem öwretmek - öwredýär, öwreder, öwredipdir.


Duş gelýän formalary
  • öwreden
  • öwredende
  • öwredenden
  • öwredendigi
  • öwredendigini
  • öwredendikleri
  • öwredendir
  • öwredenem
  • öwredeni
  • öwredenim
  • öwredenini
  • öwredeniň
  • öwredeniňde
  • öwredeniňe
  • öwredenleri
  • öwredenok
  • öwredenoklar
  • öwredensoň
  • öwreder
  • öwrederdi
  • öwrederdik
  • öwrederdim
  • öwrederdiň
  • öwrederin
  • öwrederis
  • öwrederler
  • öwredersiň
  • öwredeýin
  • öwredip
  • öwredipdi
  • öwredipdiler
  • öwredipdim
  • öwredipdir
  • öwredipdirler
  • öwrediň
  • öwredäýen
  • öwredäýmeli
  • öwredäýseň
  • öwredýän
  • öwredýänden
  • öwredýändigi
  • öwredýändigini
  • öwredýändikleri
  • öwredýändir
  • öwredýänem
  • öwredýänlerden
  • öwredýänleri
  • öwredýär
  • öwredýär-de
  • öwredýärdi
  • öwredýärdiler
  • öwredýärin
  • öwredýärler
  • öwretdi
  • öwretdik
  • öwretdiler
  • öwretdim
  • öwretdiň
  • öwretgin
  • öwretjek
  • öwretjekdigi
  • öwretjekkä
  • öwretjekler
  • öwretme
  • öwretmedi
  • öwretmedik
  • öwretmedilermi
  • öwretmediň
  • öwretmegem
  • öwretmegi
  • öwretmeginden
  • öwretmegine
  • öwretmegiň
  • öwretmek
  • öwretmekde
  • öwretmekden
  • öwretmekdir
  • öwretmeklige
  • öwretmekligi
  • öwretmekligiň
  • öwretmeklik
  • öwretmeklikde
  • öwretmeklikden
  • öwretmekçi
  • öwretmelerden
  • öwretmeli
  • öwretmelidigi
  • öwretmelidir
  • öwretmelidirler
  • öwretmeris
  • öwretmersiň
  • öwretmese
  • öwretmesinler
  • öwretmäge
  • öwretmän
  • öwretmändi
  • öwretmändiler
  • öwretmändir
  • öwretmändirler
  • öwretmäniň
  • öwretmäň
  • öwretse-de
  • öwretsene
  • öwretseň
  • öwretsin