öwrülmek işlik

  1. Yzyňa aýlanmak, yzyňa gaýtmak, dolanmak.

    • Wepa dynç alyp ýatan ýerlerine öwrülip gelende gaty tukatdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir görnüşden başga görnüşe geçmek.

    • Burunlardan çykýan gyzgyn demler çalymtyk buga öwrülýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Heniz men, şol ýeriň nähili edip gowy ýere öwrülýändigini görmändim. («Mydam Taýýar» gazeti)

  3. Biriniň ýa-da bir zadyň daşyna aýlanmak, biz zadyň daşyna agyl bolmak, daşyny gurşap almak.

    • Hatar-hatar gyzlar otyr düzülşip, Garry kyrk öwrülýär olaň daşyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)