ölçeg at

  1. Ölçeýiş. Uzynlyk ölçegi. Agram ölçegi. Kub ölçegi.

    • Metrik ölçeg sistemasy.

  2. Bir zadyň ululyk-kiçilik möçberi, gabarasy, nomeri.

    • Ondan aýakgabynyň ölçegini soradyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Möçber, mukdar.

    • Ol bu zatlaryň hemmesiniň dogry hasabyny hem ölçegini kolhozyň hojalyk hasaby boýunça belleşdiripdir. (A. Gowşudow, Eserler)

  4. Edebiýat termini Şygyr setirleriniň, onuň bogun sanynyň normasy.

  5. Çen, çak, çäk.

    • Herki zadyň öz ölçegi ýagşy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)