Türkmen dili

Sözlükler

Her bir diliň leksikasy - söz baýlygy dürli sözlüklerde ýüze çykarylýar. (Olar şol dilde ulanylýan sözleri, sözleriň manysynyň dogry aýdylyşyny we ýazylyşyny, olaryň her-hili çylşyrymly hem çeper manyda ulanylyşyny, bir dilden başga bir dile terjime edilişini öwredýärler). Sözlükler halkyň taryhyny, medeniýetini, dilini, dil baýlygyny, milli aýratynlyklaryny öwrenmekde, birek-birege oňat düşünişmekde örän uly ähmiýete eýedir. Sözlükler örän köp hili bolup, olaryň hemmesinde sözler elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär we şol diliň aýratynlyklaryny ýüze çykarýar.

Haýsy-da bolsa bir dildäki ulanylýan sözleriň manysyny düşündirýän, öwredýän, ýazyp beýan edýän sözlüge düşündirişli sözlük diýilýär.

Sözleriň dogry ýazylyşyny görkezýän, öwredýän sözlüge orfografik sözlük diýilýär. Sözleriň dogry aýdylyşyny (şol dilde dogry sözlemegiň normalaryny (kadalaryny) görkezýän, öwredýän sözlüge orfoepik sözlük diýilýär.

ýekelli - bu ýerde adamyň organizmini aňlatmaýar-da, kömekçisiz adamy aňladýar.

Frazeologik aňlatmalar iki we ondan-da artyk sözlerden bolup (olaryň aňladýan manysy ýiti) göçme manylary aňladýar, sözleriň täsirliligini artdyrýar.

ýedi derýanyň suwuny içen - köpbilmiş, mekir adamyny aňladýar.

Frazeologiýa sözler birikmesidir. Bu sözleriň hemmesi birlikde bir many aňladýar.

Dili gysga (aýyply, utançly).

Frazeologik söz birikmeleri dilimiziň baýlaşmagyna oňat serişde bolup hyzmat edýär. Sebäbi birnäçe goşma sözler şu esasda ýüze çykýarlar.

Gelneje - gelin eje, basybalyjy - basyp alyjy.