Çekimli sesler sap owazdan emele gelýär, emma çekimsiz sesler sap owazdan emele gelmeýärler. Çekimsiz sesler galmagaldan ýa-da galmagal bilen owazyň gatnaşmagyndan emele gelýärler. Türkmen dilinde 21 sany çekimsiz ses bar.
Türkmen diliniň çekimsizleri iki uly topara bölünýär:
Açyk çekimsizler: b, d, g, j, ž, l, m, n, ň, r, w, ý, z.
Açyk çekimsizler owaz bilen galmagalyň gatyşmasyndan emele gelýärler.
Dymyk çekimsizler: ç, f, h, k, p, s, ş, t.
Dymyk çekimsizler sap galmagaldan emele gelýärler.
Dymyk k, p, t, ç çekimsizleriniň her biriniň öz açyk taýy bar: k → g, p → b, t → d, ç → j.
Soňlarynda dymyk k, p, t, ç çekimsizleri bolan köp bogunly we çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak, -räk, -ýar, -ýär goşulanda, şol dymyk çekimsizler degişli açyk g, b, d, j çekimsizlerine öwrülýärler.
gurçuk - gurçugy, jorap - joraby, kitap - kitaby, agaç - agajy.
Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly sözleriň soňundaky dymyk k, p, t, ç sesleri degişli goşulmalar goşulsa-da, açyk g, b, d, j seslerine öwrülmeýärler.
kak - kakyň, top - topuň, it - itiň.
Et, git, aýt, gaýt, gurp, zarp, enç, sanç, harç, pent, bent, gant, yşk, köşk ýaly az-owlak sözler bu kadadan çykarylýar.
et | edýärin, edýärsiň |
---|---|
git | gidýärin, gidýärsiň |
aýt | aýdýaryn, aýdýarsyň |
Soňy -at, -et, -ýat seslerine gutaran arap, eýran dillerinden geçen köp bogunly sözleriň soňuna ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky t sesi açyk d sesine öwrülmän ýazylýar.
jemagat - jemagatyň, syýasat - syýasatyň, syýahat - syýahatyň, millet - milleti, minnet - minneti, hökümet - hökümeti, medeniýet - medeniýeti, sungat - sungaty, edebiýat - edebiýaty.