siňek si‧ňek

Zoologiýa Köplenç hapa ýerlerde bolýan iki ganatlyja zyýanly jandar.

  • Lineýkaly elini töweregine galgadyp siňekleri kowdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Gulagyň garny bolmaz, siňegiň -- erni. (nakyl)

  • Siňek hem öl ýere gonar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem siňek - siňegi.

agzyňa siňek gonduryp ýörmek

seret agyz

  • Ol meni agzyna siňek gonduryp ýören bir nalajedeýin diýip hasaplaýarmyka?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • siňege
  • siňegem
  • siňegi
  • siňegidir
  • siňegin
  • siňeginden
  • siňegine
  • siňegini
  • siňeginiň
  • siňegiň
  • siňek-de
  • siňekden
  • siňekdir
  • siňekler
  • siňeklerde
  • siňeklerden
  • siňeklerdir
  • siňeklere
  • siňeklerem
  • siňekleri
  • siňeklerine
  • siňeklerini
  • siňekleriniň
  • siňekleriň
  • siňeksiz