pökgertmek pök‧gert‧mek işlik

  1. Çiş emele getirmek, çişirmek.

  2. Tüňňerdip gübertmek, pökgi etmek.

    • Men şony bilýän! -- diýeninden, Geldi Ogultäje göwnüýetmezlik bilen dodagyny pökgerdip seretdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ol aýnanyň öňünde durup, döşüni gaýşardyp, ýeňsejigini pökgerdip, şolaryň durşuna öýkündi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  3. Göçme manyda Ýaşaýyşdan mahrum etmek, öldürmek.

    • Edil genderewden doýan mal ýaly pökgerdäýýär -- diýdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pökgertmek - pökgerdýär, pökgerder, pökgerdipdir.


Duş gelýän formalary
  • pökgerdip
  • pökgerdäýýär
  • pökgerdýärler
  • pökgertdi-de
  • pökgertjegi
  • pökgertmek