pökgi 1

Çagalar oýnar ýaly ýa-da sport oýunlarynda oýnamak üçin içine ýel berlen we zyňlanda, depilende böküp-böküp gidýän şar görnüşli rezinden edilen enjam, top.

  • Şol mahal oglanjyk elindäki pökgüsini özlerine ýakynlaşyp barýan Mährä zyňdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bolýar, inim, sen bar-da, pökgi oýnaýanlara seret! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem pökgi - pökgüde, pökgüler, pökgüsi.

pökgi 2

  1. Çişip, güberip duran, güberçek.

    • Jaýyň birnäçe böleklerini pökgi şekiller bilen bezäpdirler. (Gadymy dünýä taryhy)

  2. Semiz, çişik (adam).

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem pökgi - pökgüde, pökgüler, pökgüsi.


Duş gelýän formalary
  • pökgim
  • pökgimi
  • pökgini
  • pökginiň
  • pökgiň
  • pökgiňi
  • pökgä
  • pökgüje
  • pökgüleri
  • pökgüli
  • pökgülik
  • pökgümi
  • pökgüsi
  • pökgüsi-de
  • pökgüsinden
  • pökgüsine
  • pökgüsini
  • pökgüsiniň