pökgermek işlik

  1. Ýellenip çişmek, çişip gübermek, ýellenmek.

    • Ýapyk gözleriniň gögeren, gany gaçan gabaklarynyň näsag reňki bardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol çalymtyk reňkli, pökgerip duran ullakan gözleri bilen içerik üns berip, nazaryny aýlady. (M. Gorkiý, Ene)

  2. Güberilip, çişen ýaly bolup durmak.

    • Bu adamlaryň biri çak bilen elli ýaşyndan agaň, pökgerip duran ýaňaklary indi gasyn atan, ösgün, bulaşyk murtlary hem salparyp ýatan, agzy bolsa nasly ýaly ýumralyp duran bir adamdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Onuň pökgerip duran galyň dodaklary we ullakan burnunyň öňünde towlanyp duran murtlary bardy. (A. Gowşudow, Eserler)

  3. Ýognamak, semremek.

  4. Göçme manyda Çişip ölmek.

    • Edil çerrik iýen goýun ýaly pökgermelidir. («Tokmak» žurnaly)

    • Göjele iýen it ýaly birden pökgeräýmesem-de biri! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)