nadaralyk

[nadara:lyk]

Haýýarlyk, şermendelik, galmagalçylyk.

  • Meni getirip, öýmüze taşladylar. Ejeligim: -- Waý, äkidiň! diýip, nadaralyk etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Men Akgözel ejäniň şu nadaralyklaryny görüp, aňk bolup galdym. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Besdir, ýoldaşlar! Nadaralyk edişmäliň! Onuň nadaralygy ýol almady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem nadaralyk - nadaralygy.