mahluk

[mahlu:k]

  1. Jandar.

    • Atabaý aga, deňiz mahluklarynyň, çöl janawarlarynyň gulaklaryny şaňladyp durma! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Özüni oňarmaz, aňsyz, mahaw, emelsiz, aňkaw (adam hakda).

    • Aýu, mahluk, saňa meňzeşe äre baranymdan, gara derýa gark bolaryn. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Aslynda sen kim? Agy-garany seljermeýän bir mahluk! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mahluk - mahlugy.