mahorka

Botanika Ýapragyndan, baldagyndan çekmek üçin temmäki taýýarlanylýan ösümlik we şondan taýýarlanýan temmäki.

  • Çary aga parahat oturan ýerinde mahorka haltasyny çykaryp, çilim ýasanyp çekmäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Dynuwsyz çekilen mahorka tütüni wagonyň içinde ysgynsyz tüweleý ýaly aýlanýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol ýassygynyň aşagyndan mahorka gapyrjagyny alyp, çilim ýasamaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)