mahmal

  1. Çitimli, ýüzi ýumşak, tüýjümek galyň ýüpek mata.

    • Egni gara mahmal paltoly, başy uzyn seçekli owadan ýüpek ýaglykly näzenin gyz Baýlynyň gözüne örän mähirli göründi. (B. Pürliýew, Duşuşyk)

    • Sahnanyň mahmal perdesi emaýlyk bilen syrylýar. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Mahmal ýaly mylaýym meýdanda seýalkalar hatara tohum dökýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Mahmal toprak küpürsäp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Mahmaldan tikilen geýim.

    • Gözel daýza mahmalyny başyna atyp ýola düşdi.