il il at

[i:l]

  1. Halk, ilat adamlar.

    • Ol öz pukaralygyna garaman, il bähbidi bardyr öýden ýerinde janyny aýamaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Iller bir eýýäm pagta gitdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Gülläp ösýän Türkmenistan ilinden şöhret saňa, dokuzynjy gurultaý! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Ýigit öýlendirilende, onuň gelniniň milletine, iline seredilmeýär. («Görogly» eposy)

    • Il oňlasa-atyňy soý. (nakyl)

    • Il agzy keramat. (nakyl)

    • Il aglak bolsa, doňuz depä çykar. (nakyl)

    • Il bilen gelen-toý-da baýram. (nakyl)

    • Il agzyn ýygyp bolmaz, çelek agzyn- bogup. (nakyl)

  2. Ýurt, watan.

    • Artyk ele düşmän, il aşyp bilermi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

il bolmak

Dostlukda, parahatçylykda, gowy aragatnaşykda ýaşamak.

ilden çykmak

Il arasynda dowam edýän däp-düzgünden, kada-kanundan çykyp bir iş etmek.

  • Men ilden çykan mülhit bilen sud öňünde durmagy özüme namys bilýän. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ile meňzeş etmek

  1. Bir zady idili ýerine ýetirmek.

  2. Öýli-işikli etmek, öýermek.

    • Aýu, kakasy Annagulyny hem ile meňzeş edip goýbereli. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ilde
  • ildedir
  • ilden
  • ildenem
  • ildi
  • ildigi
  • ildigiň
  • ildimi
  • ildir
  • ildiň
  • ildäki
  • ile
  • ilem
  • ili
  • ilidir
  • ilim
  • ilimde
  • ilimden
  • ilimdir
  • ilime
  • ilimi
  • ilimiz
  • ilimizde
  • ilimizden
  • ilimize
  • ilimiziň
  • ilimiň
  • ilimiňem
  • ilin
  • ilinde
  • ilinden
  • ilindendir
  • ilindäki
  • iline
  • ilini
  • iliniň
  • iliniňem
  • iliň
  • iliňde
  • iliňden
  • iliňdäki
  • iliňe
  • iliňem
  • iliňi
  • iliňiz
  • iliňize
  • iliňki
  • iliňkiler
  • iller
  • illerde
  • illerden
  • illere
  • illerem
  • illeri
  • illerim
  • illerime
  • illerimiz
  • illerimiň
  • illerine
  • illeriň
  • illi
  • illiginden
  • illik
  • illiň
  • ilmi
  • ilsiz
  • ilçe