ikiýyllyk i‧ki‧ýyl‧lyk

Möhleti iki ýyl bolan.

  • Ol ikiýyllyk respublikan partiýa mekdebini gutarandan soňra, agitasiýa bölüminiň müdirligine bellendi. («Tokmak» žurnaly)

  • Men ertir ikiýyllyk Gyzyl Goşun gullugyna gidýärin. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ikiýyllyk - ikiýyllygy.