ilat

[i:la:t]

Bir ýurtda, şäherde we ş. m. ýaşaýan halk, il.

  • Käliň ugrunda bäş arçynlyk ilat bolup, Artyklaryň obasy hem şonuň biridi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol Ilatyň agzyny alardyp, özüne gyşyk sereden adamlary tutup başlapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýer hem ilatyňky, suw hem ilatyňky. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Şu baryşlaryna galandarlaryň ýoly Arabystan ilatynyň üstünden düşdi. («Görogly» eposy)