Iýmek üçin öndürilen önüm, azyk, nahar.
Bagda çagalara iýmitler wagtly-wagtynda berilýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Onuň jaýy, ýorgan-düşegi, gap-gajy, ýeterlik iýmiti hem bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kolhozyň iýmiti gyt bolmasa-da, Aýsoltan Laçynyň iýmine ýumurtga garyp bermegi haýyş edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Organizm üçin gerek bolan her hili ýokumly maddalar, dökün.
Bejergisi gowy ýetse, suwdan, iýmitden horlanmasa, her düýp gowaçamyz bir goýnuň ýüňüçe pagta berer. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)