Nahar edinmek, naharlanmak.
Iýmek-içmek, gülüşmek-oýnaşmak, şahandazlyk etmek bolsa siziň öz ygtyýaryňyzda. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Bu zaňňaryň iýip-içip, turşusy depesine çykypdyr. («Görogly» eposy)
Siziň saz-söhbet, iýmek-içmek ýadyňyza düşýär. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Iýilýän iýmit, nahar.
Ony bir päkize jaýa saldylar we iýmek-içmek berdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Iýmek-içmekdeň geýimden kem zody ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)