gozgalaň at

[go:zgalan]

  1. Köpçülikleýin ýaragly çykyş, baş galdyryş, topalaň.

    • Olar gozgalaň turuzdylar hem ýeňiş gazandylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Umuman, gozgalaň rewolýusiýa gansyz, gurbansyz başa baranok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Buhara halky ýaragly gozgalaň başlaýar. («Sowet Edebiýat» Žurnalyk)

    • Zähmete laýyk zähmet haky isläp, bir gün kän işçiler, gozgalaň etmäge çykdy meýdana. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Ynjalyksyz gymyldy, hereket howsala.

    • Ol gyzda bir hili gozgalaň peýda boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

gozgalaňa düşmek

Howsalaly, aladaly ýagdaýda bolmak.

  • Gozgalaňa düşen garry, aşyry gözýaş bilen gujaklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gozgalaňa salmak

Ynjalyksyzlandyrmak, tolgundyrmak.

  • Ol özüni gozgalaňa salan meseläni Jüneýde gysga söz bilen mälim etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly Ädim.)