goýy

  1. Suwuk bolmadyk, sowaşyp duran.

  2. Gaýry tutuş.

    • Goýy gara tüsseler burugsap, towlanyp asmana galýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Onuň gözi harmanyň goýy kölegesine düşýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem goýy - goýuda, goýular, goýusy.


Duş gelýän formalary
  • goýa
  • goýudan
  • goýudy
  • goýudyr
  • goýuja
  • goýular
  • goýulygy
  • goýulygyna
  • goýulygyny
  • goýulygynyň
  • goýulyk
  • goýumy
  • goýynyň