goza

[go:za]

  1. Gowaçanyň heniz açylmadyk gunçasy.

    • Gozalary müňden-müňden çakyşýar, Agarypdyr ýüzme gülüp bakyşýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Ýyldyzly asman dek pagta meýdany, Açylşan gozalaň asla ýok sany. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Biri-biriniň içinde geçen gurply şahalardan asylan agyr gozalar öz saldamyna duýlar-duýulmaz yranýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Aýallaryň saça dakýan kümüş şaýy.


Duş gelýän formalary
  • gozada
  • gozadaky
  • gozadan
  • gozalar
  • gozalara
  • gozalarda
  • gozalardaky
  • gozalardan
  • gozalary
  • gozalarynda
  • gozalaryndan
  • gozalaryny
  • gozalarynyň
  • gozalaryň
  • gozaly
  • gozany
  • gozanyň
  • gozanyňky
  • gozasy
  • gozasyndan
  • gozasyny
  • gozasynyň
  • gozaň