gozgamak işlik

[go:zgamak]

  1. Ýerinden üýtgetmek, ýerinden süýşürmek, ýerinden gymyldatmak, ellemek.

    • Traktor agyr, ýerinde gozgap bolanok. («Tokmak» žurnaly)

    • Indi meni bu jaýymda gozgama. («Görogly» eposy)

    • Ody gozgasaň-öçer, goňşyňy gozgasaň-göçer. (nakyl)

  2. Bir zat ýa-da mesele hakda gürrüň gozgamak.

  3. Täsir etmek, ynjytmak, rahatsyzlandyrmak.

    • Soňky gürrüňler ony has hem gozgady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bu gürrüň gozgady gümra ýigidi, diňe öz pikirne hemra ýigidi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

derdini gozgamak

seret dert

  • Aýna Şekeriň derdini gozgamak islemeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýarasyny gozgamak

seret ýara

  • Ýaramy gozgamak, ýer çeken! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gozgady
  • gozgadyk
  • gozgadylar
  • gozgadym
  • gozgadyňyz
  • gozgadyňyzmy
  • gozgajak
  • gozgajakdygyny
  • gozgama
  • gozgama-da
  • gozgamady
  • gozgamadyk
  • gozgamadyňyz
  • gozgamaga
  • gozgamagam
  • gozgamagy
  • gozgamagym
  • gozgamagyna
  • gozgamagyny
  • gozgamagynyň
  • gozgamagyň
  • gozgamajak
  • gozgamak
  • gozgamakdan
  • gozgamaly
  • gozgamalydyr
  • gozgaman
  • gozgamandygy
  • gozgamasa
  • gozgamasak
  • gozgamasana
  • gozgamazdym
  • gozgamazlykdan
  • gozgamaýardy
  • gozgamaýarlar
  • gozgamaň
  • gozgan
  • gozganam
  • gozganda
  • gozgandan
  • gozgandy
  • gozgandygy
  • gozgandygyny
  • gozgandyk
  • gozganlygy
  • gozganok
  • gozgany
  • gozganyndan
  • gozganyny
  • gozgap
  • gozgapdy
  • gozgapdyr
  • gozgar-da
  • gozgara
  • gozgardy
  • gozgaryn
  • gozgasaň
  • gozgasy
  • gozgaýan
  • gozgaýandyr
  • gozgaýanlygyny
  • gozgaýar
  • gozgaýarlar
  • gozgaýmasyn
  • gozgaýmaz
  • gozgaýsa