gülälek gü‧lä‧lek

Botanika Ýazyna meýdanda bitýän ýuka ýaprakly gyzyl gül.

  • Ýaz günleri gülälekler açylyp, Gülüp bakýar Günüň altyn nuruna. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Gelin-gyzlar şol meýdanda şemally günüň gülälegi ýaly hereket edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Dag, baýyrlar gök atly gyzyl gülälekden bezenipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gülälek - gülälegi.


Duş gelýän formalary
  • gülälege
  • gülälegem
  • gülälegi
  • gülälegiň
  • gülälekde
  • gülälekden
  • gülälekdir
  • gülälekler
  • güläleklerem
  • gülälekleri
  • güläleklerini
  • gülälekleriň
  • gülälekli
  • güläleklik