gülki gül‧ki

  1. Göwün hoşluk, içki guwanç, şatlyk sebäpli yzla-yzyna çykarylýan ses.

    • Onuň gülküsini beýlekiler hem alyp göterdiler. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Kiçijik çagalaryň şatlykly gülküleri eşidilýärdi. («Pioner» žurnaly)

    • Gülkä gülmeseň, göwni galar. (nakyl)

  2. Göçme manyda Gözgülban, ile betnam, gülkünç, masgara.

    • Ile gülki, masgara, şalha-şalha donuňyz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Ile gülki bolup durmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem gülki - gülküde, gülküler, gülküsi.


Duş gelýän formalary
  • gülkem
  • gülkim
  • gülkimi
  • gülkini
  • gülkiniň
  • gülkiniňdir
  • gülkiň
  • gülkiňi
  • gülkiňiz
  • gülkiňizden
  • gülkiňizi
  • gülkä
  • gülküden
  • gülküdi
  • gülküdir
  • gülküler
  • gülküleri
  • gülkülerine
  • gülkülerinem
  • gülkülerini
  • gülküleriniň
  • gülküli
  • gülkülidi
  • gülkülik
  • gülkümi
  • gülküsi
  • gülküsinde
  • gülküsinden
  • gülküsine
  • gülküsini
  • gülküsiniň
  • gülküsiz