gülebent gü‧le‧bent

Daşyna mata dolanyp daňlan goş-daşy daňylgy ýük, goş-golam.

  • Doly ganar bolsa ýa-da agyr gülebent bolsa şofýor ony Wüşi keliň arkasyna goýýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Eý ýaşuly, arkaňdaky gülebendiň näme? (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gülebent - gülebendi.


Duş gelýän formalary
  • gülebendi
  • gülebendiň