göwün at

Içki dünýä, ýürek, isleg.

  • Göwnüň bir çüýşedir, synsa tapylmaz. (nakyl)

  • Göwni açygyň-ýolam açyk. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem göwün - göwnüm, göwnüň, göwni.

göwne almak

Aýdylan zat ýa edilýän hereket üçin öýkelemek, gaty görmek, ýokuş görmek.

  • Bibisoltan gajymaldy we dargursakdy, ol sähel zady göwnüne alyp, dommarylar ýörerdi. («Sobwýet edebiýaty» žurnaly)

  • Weziriň gepini göwnüňe alma, garrap çaşypdyr bu. («Görogly» eposy)

göwne jaý bolmak

Kanagatlanarak halda bolmak, dogry tapylmak.

göwne çiglik gitmek

Bir zada müňkür bolmak, aýdylan gep, söz göwne ýakmazlyk, ýokuş degmek, ýaramaz täsir etmek.

göwne degmek

Närazy etmek, öýkeletmek, ynjytmak.

göwne düwmek

Bir işi etmekligi halynda bolmak, ýüregiňe düwmek.

  • Sona ýazmaklygy düwüp göwnüne, Başlady salam hat ýazmaga ýene. (D. Baýmyradow, Söýlegi we Mekirlik)

  • Okuwa gitmekligi göwne düwmek.

göwne gelmek

  1. Gorky we ş. m. zatlar ýada düşmek.

    • Her zatlar gelip göwnüne hopukdy, ukusy gaçdy. (Çary Aşyr, Poemalar)

  2. Bir söze, herekete ýalňyş düşünip gaty görmek, öýkelemek.

göwne getirmek

Bir zat hakynda erbet pikire gelmek.

  • Ýok zatlary göwnüne getirme-de ümsüz gez! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göwni açyk

Bahyl däl, içigara däl, ýagşy niýetli, hoştap.

  • Bolsa-da ol göwni açyk adam ekeni.

göwni bire baglamak

Belli bir karara gelmek, bir pikire gelmek.

göwni bitgin

Öz-özünden göwnühoş, öz bolşundan özi razy.

  • Göwnüň bozuk, gamgyn gördüm. (Sowet Edebiýaty žurnaly)

göwni çökgün

Şat göwünli däl, pes göwün, sust, keýpsiz, tutuk, gamgyn, pessimist.

  • Ogulsyzlykdan onuň göwni gaty çökgün eken.

göwni göçgün

seret keýpi kök

  • Aýtymy doldurýan agyr, märekäň, ruhubelent, göwni göçgüne meňzeýär.

göwni hoş

Ýagdaýdan, durmuşdan we ş. m. razy, hoşal.

  • Onuň ýerleşen ýerinde göwni hoşdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

göwni synyk

Ynjyk, kemsidilen.

göwni ýukalyk

  1. Ýüregi ýukalyk, dözümsizlik, rehimdarlyk.

    • Sähel ýerde ejizlik ýa-da göwni ýukalyk etmeli däldir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Göwni ýarym.

  2. Nägile, kemsinýän.

    • Goja Ýefimowyň ýüzüne mähirli garady, keselliniň göwni ýarym bolýan eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göwnünden turmak

Göwnüni bilip iş etmek, ýüregine ýaramak, islegini kanagatlandyrmak.

  • Hyzmatgärden kän zat ýok, emma göwnünden turýanyň üstünden barmak kyn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göwnüne garamak

Ugruna kowmak, diýeniňi etmek, garşy gitmän, razy etmek.

  • Eje, ata-eneleriň maşgalanyň öz göwnünde garamaklary gerek ahyryn.

göwnüni awlamak

Biriniň göwnüni almak, göwnünden turmak, ugruny tapyp begpendirmek, hoşal etmek.

göwnüni götermek

Begendirmek, şatlandyrmak.

  • Bu görnüş, birinji tarapdan, berdi Orazowiçiň göwnüni göterse, ikinji tarapdan, onuň ýüregini awadýardy. (Sowet Edebiýaty žurnaly)

göwnüni gözlemek

seret göwnüne garamak

  • Perzendiniň göwnüni gözlemek bolýar.

göwnüni tapmak

Razy etmek, ýüregiňden turmak, göwnüňden turmak, ugruny tapmak.

  • Ejeň dagyň göwnüni taparyn, ýöne tizräk bellisini et, haçan meň bilen gitjek? (A. Durdyýew, Saýlana eserler)

göwnüň bozulmak

Bir zady ýatlap hapa bolmak, ejizlemek, hamsykmak.

  • Mehinli özüniň Maýsa adyny eşidende, çagalyk duýgusy oýanýardy, göwni bozulýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgyly ädim)

göwnüň geçmek

Biri ýa bir zat hakda öňki edýän gowy pikiriňden dänmek, tamaň çykmazlyk.

  • Ofiserleriň öz nökerlerinden göwünleri geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göwnüň göge uçmak

Çakdagynaşa begenmek, şatlanmak.

göwnüň göge ýetmek

Gaty begenmek, monça bolmak, şatlanmak.

  • Göwnüm göge ýeter bir gülüp baksaň. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

göwnüň göterilmek

Şähdiň açylmak, keýpiň kökelmek, şatlanmak.

  • Ýaş maldarlaryň zalyna geriniňde, göwnüň has-da göterilýär. (Mydam Taýýar Gazeti.)

göwnüňde gat galmak

Göwnüňde öýke-kine galmak.

göwnüňde kir saklamak

Öýke-kine saklamak, ar edip ýörmek.

göwnüňe geňeşmek

Bir işe başlamazdan öň pikir etmek, oýlanyp görmek, pikirlenmek.

  • Hany hen bir göwnüme geňeşip göreýin -- diýip, bir salymdan soň jogap berdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göwnüňe ýakmak

Göwnüne hoş ýaramak.

  • Ham bolarsyň diýeni oglanyň göwnüňe ýakman durmady. («Görogly» eposy)

göwnüňi hoş etmek

seret göwün hoşlamak

göwnüňi ýokary tutmak

Özüňi hondan bärsi saýmak, özüňi ulumsy saýmak.

  • Päh-päh seniň göwnüň örän ýokary-la! -- diýipdir. («Tokmak» žurnaly)

göwün (ýürek) döwülmek

Gowy aragatnaşykda bolan adamyňdan we ş. m. ýaramaz söz eşidip ýa başga zat sebäpli gaty öýkelemek juda gaty görmek.

  • Eziziň Aklardan göwni döwüldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göwün açmak

Gaýgy-gussany taşlamak, şatlanmak.

göwün aldamak

Öz-özüňi hoşal etmek, aldamak, göwün ýüwürtmek.

  • Bularyň hemmesi göwün aldamakdyr we boş zatdyr. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

göwün bermek

Ynam geçirmek, razylyk bildirmek, ýykgyn etmek, halamak.

  • Nurjany onun sulhy almaýan bolsa, ýa başga birine göwnini beren olsa, gürrüň gyzza-gyzza gelende, okuw ötägitmegi hem mümkindir. («Sowet Edebiýaty žurnaly)

göwün bitmek

Bir zat hakynda birinden razy bolmak, hoşal bolmak.

  • Ejemiziň agy bilen göwni bitjek bolsa, biterçe boldy. (B. Kerbababýew, Japbaklar)

göwün bölmek

Öňki eden pikirinden maslahatyňdan dänmek, ýüregiňi ikä bölmek.

  • Men-ä göwnümi böldüm. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göwün büýütmek

Ýürek şatlandyrmak.

göwün çaglamak

Hoşal bolmak, şatlanmak.

  • Goja ýazyň mylaýym güneşinden gurp almalydy, göwün çaglamalydy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göwün galkmak

Göwün göterilmek, bir zada begenip, ruhuň göterilmek.

göwün görmek

Biriniň göwnüni tapmak, diýenini etmek, razy etmek.

  • Men-ä daýza, seniň göwnüňi görmek üçin köpüň gözüňden düşdüm. (Sowte Edebiýaty žurnaly)

göwün gyýymak

Ýüregiň awamak, rehimiň gelmek.

  • Indi gyýylmaly däldir göwünler. (R. Seýidow, Bagtlylar)

göwün hoşlamak

Hoşal bolmak, begenmek, şatlanmak.

göwün poslamak

Ak-göwün çökgün bolmak, tukat bolmak, şähdaçyk bolmazlyk.

göwün posyny dökmek

Ýüregiňdäki syry, göwnüňdäki hyýaly isleg arzuwyňy gep-gürrüňiňi daşyna çykarmak, aýtmak.

  • Olar göwünleriniň poslaryny dökmäge durdular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göwün sowatmak

  1. Gep berip iki adamynyň arasyny bozmak.

    • Artykdan onuň göwnüni döndermek, onuň göwnüni sowatmak isledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir zatdan, işden adamdan ýüz öwürmek.

  3. Keýpden çykyp kanagatlanmak, ynjalmak.

göwün solpudan çykmak

Keýpden çykmak, armanyňy galdyrmazlyk, islegiňçe etmek.

  • Toýy nähili isleseň şonuň ýalam gurada, göwün solpudan çyk! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göwün syndyrmak

Biriniň göwnüne degmek birini ynjytmak.

göwün ýetmek

Pisindiň oturmak, oňat makullamak.

  • Meniň edýän işime-de, özüme-de göwni ýetýän bolara çemeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göwün ýüwürtmek

Öz ýanyndan hondan bärsi bolmak, hötde gelip bilmejek zatlaryna hyýal etmek bir zat hakda arzuw etmek.

göwün ýykmak

Göwnüne degmek, göwün galdyrmak, göwün agyrtmak, öýkeletmek, ynjatmak.

  • Emma onuň göwnini-de ýykmak bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

kiçi göwünli

Ulumsy däl, päli pes.

  • Ol kiçi göwünli ýönekeý myhman. (A. S. Puşkin, Saýlana eserler)

kiçi göwünli bolmak

Özüňi kiçi göwünli alyp baryş.

  • Pes göwünli-ulumsy däl, öwünjeň däl.