esetmek işlik

  1. Birini, bir zady görmek maksady bilen seretmek, barmak, äňetmek, garamak; syn etmek.

    • Gözün gyrpman, atasyna esetdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Sakgalyny sypap Ata esetdi. (N. Pomma, Goşgular)

  2. Birine ýa-da bir zada gözegçilik etmek, garamak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem esetmek - esedýär, eseder, esedipdir.