esentanyş

Ýady-ýakyny saýgarmazlyk, öňden tanyş ýaly bolup gatnaşyk etmeklik.

  • Umsagül esentanyş ýaly, öz öýüne gelen ýaly, Aýnanyň ýanyna geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Özüni öweniň tanapy çüýrük bolar! -- diýip, esentanyş ýaly ýigide gatyrak degesi geldi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Ýadyrganyp durman, çekinmän birjik, Misli esentanyş, gülýär çagajyk. (A. Kekilow, Söýgi)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem esentanyş - esentanşy.