eser

  1. Döredijiligiň önümi, işiň zähmetiň netijesi.

    • Ondan eseri diläp alyp bilmejegime takyk gözüm ýetdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ýene-de kän çeper eser berjegime söz berýärin. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Edebi eser.

    • Saýlanan eserler.

  2. Birine bir zadyň edýän täsiri, täsir.

    • Ýa oňa heniz yşk eseri ýetmedimikä? ! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Çünki ýetişende yşgyň eseri, Joşan ýaş ýürekleň tolkuny galar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)