eserdeň

  1. Aýyl-saýyl bolup duran, daýaw, iri.

    • Eserdeň, zähmetsöýer gyz gaty gynanýar. (N. Juamýew, Agtaran Tapar)

  2. Esewanlylyk bilen hereket edýän, ägä, hüşgär, dykgatly, gaçyrymly, seresap, ätiýaçly.

    • Nyýaz örän eserdeň we ägälik bilen maşynyny süpürdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Şol işiň özüne bolsa biz örän eserdeň daraşmaly. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Goşa gözlerini üşerdip, haýal-ýagal eserdeň hereket boluň! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Biziň şu ýaşaýan ýerimizde, eserdeň bolmasaň, ýaşamak aňsat däl. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)